Surat

Sosial media duzagy

Mesele däl adamlaryň gepläni,
uly, kiçi, ozal gepläp bilmedik,
diňlenmedik aýdan, diýen sözleri,
agramy ýok öz öýünde, işikde,
märekede sylag, hormat almadyk,
toý, meýlisde, deň-duşunyň içinde
içip ýa-da içmän gürlese gülki,
ýa zat diýmän, baş galdyrman gidilen,
ozal arlap gygyrsa-da ýetmejek
sesi çala pyşyrdasa ýaňlanyp,
tapyp özi ýalylary uzakda,
mesele däl adamlaryň gürläni,
gowy, belki, öwrenseler ökdeden,
öten, geçen danalaryň işlerin,
gowak ýazgylaryn, gadym dessany,
nakyllary, gazallary bilseler,
ýa diňlemän, gatyn açman hiç zadyň,
ýa-da okap, kän düşünmän, açlyk ýok,
ulalsalar gaýgy etmän dünýäni,
akyl, paýhas ýa-da anyk bilinýän,
görnüp duran hakykaty gykylyk,
galmagal gark etse ýüzüp bilmeýän,
çaga ýaly, sesin basyp, ýa bilýän,
düşünýänler dymsa utanyp gülýän,
aglamaly adamlaryň halyna,
mesele bu uly, bilmedik bolmaň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026