Gyssan hemem gyssanma
Iň esasy aman galmak,
öldürilmän sypmak, belki,
gul bolmasaň, ýa bilseler
bolmajagyň elki-selki,
oglan ýagşy aldamaga,
ýa ulalman garraýanlar
tutulýarka öňe diňe,
gözüň gizläp, bukul ýeňe,
soňra seret açyk ýere,
beýik ýere, çykyp boljak,
aýdyp boljak aýtjak sözüň,
iň bolmanda müňden birin,
edip biljek işleriňe
synan, ýöne başyň oda
goýma, saýla daşlaryňy
aýryp biljek ýol-ýodadan,
gyssan hemem gyssanma hiç,
diýmez ýaly soň ýadadym...