Ýurt derdi

Doganym bol, ýegenim bol,
diýdi adam jany durman,
ýa dolanan, çykan, daýy,
goňşy-golam, obadaşlar,
pikirdeşler, pikirdeş däl,
bütin millet, ýakyn hem ýat,
men-menlikden bolman berbat,
kömek ediň, dadu-bidat,
ylgaň, geliň, ýetişiň-ä,
ýurt ýykylýar, diwarlary,
sütünleri bolup bibat...

Düşünse-de geljegi ýok,
jany durman diýdi adam,
mal soramok, pul soramok,
wezipäňiz, ýa kürsüňiz,
satlyk bary, iş bilýäne
berilmeýän, bilýän gowy,
bilýärsiňiz özüňiz-de,
ylalaşyp sessiz, sesli,
özüňize osmaň, alyň,
maňa beriň diýmeýärin,
diýmeýärin oglum, gyzym,
ýa ýakynym bolsun başlyk,
kömek etjek bolýaryn men,
kömek ediň, ýollar daşlyk,
dagdan inen, geçirmeýär,
ýa batgalyk, ýa agaçlar
ýykylypdyr, aýyrmaly,
il bolalyň diýýärin men,
görüp nätdi başa-başlyk...

Diýdi adam jany durman,
gördüm iliň her hilisin,
il içinde, ýaş-ýeleň däl,
ýa görmedik daşa çykyp,
düşünýärin, durmuş agyr,
ýaşamaly, ölmeli däl,
kireý bolsa kilim kakyp,
ýöne bolmak beýle bahyl,
beýle gedem, görnüp durka
halkyň haly, garyp-gasar
garyp düşüp ýylba-ýyldan,
bize gymmat düşmeýärmi,
haçana çen özüň aldap,
iliň aldap ýaşamaly,
ömür geçýär, bir gün görseň,
köpiň gidip, azyň galan,
kimi görseň – garalawçy,
aklawçy ýok, azgyrylýar,
agzyn açsa düýnki çaga,
ýa ýaşuly, ýaşan ýalan...

Diýdi adam jany durman,
synlaýaryn, tanaýaryn,
tanamaýan adamym az,
geçdi ömrüm adam bakyp,
sabyr etdim diňläp diňe,
sözün bölmän ýuwaşlaryň,
ýa açanyň özün güňe,
kere açan ýaly arlap,
kitaby dek şermendäniň,
uzak gitmän, bäş jümlede,
inkär edýän özi özün,
ne mantyk bar, ne-de many,
açyk galdyr gije-gündiz,
uran bolmaz boş dükany...

Diýdi adam jany durman,
çemeçil kän, dünýäň derdi,
gördüm iliň ýoksullaryn
gördüm iliň baý, beglerin,
garyplardan beter garyp,
has bisowat sowatsyzdan,
gürleşmek kyn görüp, durup...

Men akylly diýmeýärin,
gürleşeliň diýýän diňe,
alyp gaçman gep-gürrüňi,
birleşeliň diýýän diňe,
ýalandan däl, iş ýüzünde,
bu ýaryş däl diýdi adam,
hemem ýaryş, biz bir yza
galan millet, bir-birege
seredeliň badyn alman,
diýeliň biz öňem azlyk,
çukur bolsa, itjek bolman,
aýap bolsa aýap, aýdyp,
kemçilik kän düzetmeli,
barjak bolsak ýurda gaýdyp...

Gaçdy adam soňra durman,
ýaş-ýeleň däl, düşünýärdi,
gitjek ýokdy gelse urman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026