Ezilen ýurt hakykaty
Maýkl Parentiniň äheňinde
Gelýän bilýär, gelmeýär ol,
garyp ýurda baýlyk gözläp,
kömek etjek size diýip,
diýip dogan ýa garyndaş,
ýa bolaly dinimiz bir,
gir biziňkä, goşul diýip,
gelýär begler baý ýurtlara,
ýa eýleden, ýa beýleden,
ýüzlerçe ýyl gitmeýärler,
ýa gidýärler ahyr dargap,
ýa dargadyp gelen ýerin,
has anygy ýeriň, ýurduň
garyby az, degeri bar,
baýlygy bar her ülkäniň,
aglaba ýer ýeri zeriň,
ýere-göge sygman ýatan,
asty bilen, üsti bilen,
adamlary bilen sada,
işçi güýji, gul edilen,
ol ýerleri, halky gelip
talaýarlar watan satan,
kümsüklerin ele alyp,
gazyp, bozup dagyn, düzün,
derýalaryn gurudýarlar,
sowup gadym akabadan,
ýok edýärler kärizlerin,
çeşmelerin, suwy dury,
ýok diýeni tutup, urup,
ýa başgaça duzak gurup,
çüpredýärler, ownadýarlar
ili ilde, biri-birin
görmez ýaly, bilmez ýaly,
gelmez ýaly goramaga,
soramaga, hassa bolsa,
tans etdirip öz üstünde,
öňýetene edip haly...
Ýok, ösmedik ýurt däl olar,
ýa az ösen, ili galak,
ösen açgöz basyp alyp,
ezmek üçin ýüzlerçe ýyl,
okadandyr, ösdürendir,
ösmejegin çalak-çulak...