Täzelikde internete girip, forumlarda pikirini aýtmagy öwrenen aşgabatly ýazyjydan gelen hat

Hat ýazypdyr öňki kärdeşim gülüp:
“Barýardym-eý edil ölüp,
ýüzüm ýokdy, ýeňsäm ýokdy,
ýokdy arym-namysym,
arzuw-isleg, hyýal solup,
ýat bolupdy bireýýäm,
çünki hiç zat barada
hiç zat diýip bilmezdim,
gaty gorksam, baş atyp,
el çarpardym tersine,
goldamaýan zadyma,
internet, mobil telefon
ýetdi meniň dadyma,
indi ýüzüm ýa ýeňsäm
bolmasa-da sözüm bar,
men ony bukulyp aýdyp bilýärin,
iberip bilýärin giň dünýä her gün,
diýmek, tamam bolýar ýurtiçi sürgün,
senem her gün pylan sahypa bargyn,
bir betşekil surat tapyp arada,
ýüzjagazam edindim,
özümiňkä meňzeş däl,
goşa gara gözjagazam edindim,
men öň bir jesetdim özümde porsan,
indi internetde ýalpyldap bendim,
ýetirer jahana dirilik pendin,
indi menden täze adam dogulýar,
muny saňa aýdar duraryn kendim!”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024