Bilimli nadan
Derdi goýup derdi bilen,
hassalary hassa goýup,
özi ýaly, ýa has erbet,
ili goýup il talana,
gülýänlere aldan bolup,
başgany däl, özün ilki,
gidip bolýan bolsa gaçyp,
gaçardy kän adam, belki,
ýa galardy ähli ogra,
kakylmanka gapy açyp...
Belli öňden kesel bilen,
geçmän lukman tarapyna,
dil tapan ýok, oňuşan ýok,
elli gepden belli gep, bil -
ol almaly sen almasaň,
sen galmasaň garyňa, gül
goýjak bolmaz mazaryňa,
goýma wagta, bejermez ol,
bejermedi hiç bir derdi,
göni seret, gözleriň aç,
boýnuňa al, ýadan bolsaň,
ýadadym diý arasynda,
dynjyňy al, gahar – kapyr,
emma onsuz bolmaz durmuş,
lapykeçlik basar aşak,
boýnuňa al, oýnan bolman
öz-özüňi edip aşyk...
Çydam etmek, çekmek baryn,
içe salmak – güýç, kuwwat däl,
akyldan däl aglamazlyk,
çykar daga gidip derdiň,
baglara bar, ýaplan, bagyr,
sesli, sessiz, utanma-da,
ýok diý ýalan ýaşaýyşa,
bolan bolup uly adam,
biri bolup geleňsiziň,
bolma bilip, bilmän nadan!..