At çapyşyk
KGB-niň türmesinden çykaňda,
açylanda daşky gapy ahyry,
gyl dek inçe umydyňdan ýapyşyp,
ahyr görüp adam akýan köçäni,
daşarynyň jana derman howasy
ýüzüňe çalanda, ilki kelläňe
gelýän pikir – öňküligi, ýaşaýyş
dowam edýär, seredýän ýok bu gapa,
soraýan ýok näme üçin tutdular,
ýa-da nädip ýok günäni boýnuňa
ildeş bolup, göz-görtele atdylar?..
Kino ýaly, görenleriň ýadyňda,
ýüz-gözleri, gürrüňleri il-günüň,
düşünjek ýok, belki, özi gelmese,
iki-ýeke okan bolsa-da ozal,
ýesirleriň ýüreginiň her gije
sesli, sessiz aglaýanyn, bu hezil,
diňe işiň döwmek bolsa milleti,
ýa talasaň peýdalanyp pursatdan,
tussaglardan ogurlanan gowurdak
gutarmasa çakynaňda ýumurtga,
sogan bilen iýmän çöregiň diňe,
özüň akla, tutul ýa-da tutulman,
men nädeýin diýip il dönse güňe?..
Çykyp gidip, gidip bilmän uzaga,
gelseň diýýär şol bir sözi iki gün
at, alaşa ýetenleriň barysy,
boşatdyg-a, geldiňmi sen ýene-de,
ýa bu ýeri beýle gowy gördüňmi,
para bermän, öýüň satman çykdyň-a,
sylagyňy bilmeli-dä, çagaňy
ýetim goýup, öljekmi şu il üçin,
güljek ölseň, samsyk diýip ýatlasa,
soň görýärsiň, pellehana daşlaşýar,
has köpelýär iliň agaç atlysy...