Uruş duzagy
Başga biri tutulýarka,
atylýaka türmä birden,
ýa doluka zyndan Gadyr
gijesine çenli eýýäm,
ýurt birmahal ogurlanan,
ýa satylan bolsa ýada,
öz içinden dömen iliň,
ýüreksize, beýnisize,
ýöne adam sypaty bar,
diýýän maňa degişli däl,
ýa saýmaýan özün biri
nobatdaky tutuljagyň,
atyljagyň top-tüpeňsiz,
ýa-da ýüpsüz asyljagyň,
akyl berer duşup ýolda,
uýan bolup haka, Alla,
saňa näme, ýa-da indi
gutardyňmy başga işiň,
bu döwlet-ä, bileňokmy,
ýa oňurgaň ikimi seň,
zat diýmeseň sada, samsyk,
diýseň diýjek has samsygyn,
uruşjakmy, ylgap gelip,
güler ýaly samsyk ýygyn?..
Garanarsyň töwerege,
meniňkä däl, öz halyna,
ýagdaýyna düşünermi,
oýlanarmy şu il diýip,
soramaga adam ýokdur,
öz öýüne gelse uruş,
adama däl, adamzada
garşy barýan, durmaýan hiç,
aýdyp bolmaz ulusyňa,
ertir biraz boljagyn giç...