Ýalan meslik
Ozal ile döwlet gelse,
bagşy geler diýipdirler,
diýipdirler ozan geler,
soýupdyrlar dowar, hormat
goýudyrlar her sözüne,
her sazyna, häsin berip,
indi bagşy diýmek tozan,
dargan adam diýmek boldy,
il ogly däl, keýpiň ogly,
keýpiň gyzy, baran ýeri
galat, gözlär meýlis diňe,
öňe diýse diýip öňe,
ýok etmeli açyk seri...
Goý, baý bolsun baýlar ýene,
garyp düşsün garyp beter,
goý, talasyn güýçli ýene,
goý, ejizler ezilsin has,
alyp gaçyp yzdan gelýän
nesilleri çekip, saklap,
güýmemeli boşluk bilen,
hoşluk bilen güýmemeli,
iň esasy – oýlanmasyn,
ýa bilmesin pikir näme,
şükür etsin, oňatlyga
ýorsun ähli erbet zady,
ne okuw bar, ne düşünje,
aç garnyna, çörek tapman
gitsin entäp giden ýurtdan,
goý, gelmesin yzyna soň,
bu işi däl aýdyňlaryň,
gelen ýeri petik, peslik,
ýykdy ili pitneçi däl,
boş galmagal, ýalan meslik...