Sypaýylyk duzagy
Ile gerek sypaýylar,
iki ýüzli, ýa-da has köp,
gönümeller gerek däldir,
ynanmasaň, dogan bolsun,
dostuň bolsun, aýdyp göräý
görnüp duran ters işini,
zyýanyny öz-özüne,
haýyr boljak diňleseler,
içýän bolsa, bile içmän,
çekýän bolsa çekmesizi,
bile çekmän, bes edeli,
gerek zat däl, ýok et şuny,
diýseň, aýtsaň ýa çekilseň,
ýa-da gybat edýän bolsa,
öwýän bolsa özün diňe,
hä bermeseň, goldamasaň,
halka gerek ýalançylar,
gerek dälsiň aldamasaň...
Ýogsa belli, seni öwýän,
ýa hä berýän bar sözüňe,
gaça durýan göwnüň ýykyp,
daşlaşmakdan, hoşlaşmakdan,
aş dosty bor, baş dosty däl,
düzüw bolsa päl-niýeti,
elmydama gülüp ýüze,
tarapyňy çalmaz ildeş,
ilim diýýän ýüreginden,
gaty görseň gaty ýerde
otur diýer, aýdar çynyn,
gözün ýummaz ertir tozjak
obalara, şäherlere,
türmelere, doljak içi,
gitjeklere bolsa göçüp,
naçarlara, mätäç boljak,
çagalara, ýetim galjak...
Hawa, gowy rahatlyk,
hoş atasy diri mydam,
ýöne ýarag edinmeýän,
saklap çynyn gerek güne,
açýan saňa ýüregini,
aýtjak bolýan ile derdin,
bejer diýip ötüşmänkä,
seýrek batyr bolar örän,
goramaly, saklamaly,
ýok etmeli däl-de üýşüp,
arman gitmez sypaýylar,
ýuwaşjadan gelip süýşüp...