Guş dostlugy
Ýurt içinde kimsämiz ýok,
baraý diýsek kömek sorap,
dogan boldy ýat, keseki,
dostlar boldy duşman, belki,
garşy çykyp zalym hana,
diwar gurduk daşymyza,
derman gözläp şirin jana,
içenimiz, iýenimiz,
hatda howa awy boldy,
gaçdyk, gördük ýol görgüsin,
bildik syryn saýrylygyň,
çekip derdin aýralygyň,
jaň edeli, gürleşeli,
ýa içeli diýsek kofe,
ýa görüşsek ýolda, yzda,
ildeşler bar, eşidýäris,
bir-birine diýmez näme,
gülen boljak, gybat etjek,
ýa diýdirjek diýmedigiň,
töhmet atjak, çekinýäris,
ýene guşlar gowy ýaly,
uçandan soň üýşenseň-de,
iýmiň iýip, diýmez däli...