Alaçsyz çykalga
Gykylygyň bir bölegi,
uly, kiçi, ýa bir harpy,
galmagalyň bir bölegi,
bir bölegi çarbaýlygyň,
düşünmegiň däl-de, belki,
daşlaşmagyň düşünmekden,
aldamagyň özüň, diňe
men däl, ilem şeýle diýip,
gülen bolmak gutulmakmy
galmagaldan, sessiz iýip?
Çeýnelmedik çörek ýaly,
ýuwdup baryn agzyňdakyň,
el galdyryp hemme bilen,
tursaň, gitseň boldugyňmy,
ýa görmedik bolsaň il dek
aldanany, bir däl, müňläp,
talanany, bir däl, müňläp,
ýa ýykylan jaýyň gapy,
äpişgesin arzan alsaň,
aglaýana göz aýlaman,
begenmeli, gülmelimi,
näme bolýar ýurda diýmän,
bir öz jaýyň salmalymy?
Kör bolmagyň bir bölegi,
ker bolmagyň bir bölegi
bolup, gülüp gülen bilen,
gygyrmakmy bile alaç,
çykalgasy ýaşaýyşyň,
ýa saklanmak, diňläp içiň,
gorkman sesiň kesdirmekden,
goýup gyra keýpiň, içgiň,
seretmekmi ile däl-de,
öz-özüňe biraz içgin?..