Gitmesiz ýer
Sen özüňi taparsyňmy ýene-de,
ilki ony ýitireniň bilmeseň,
gaçyran ýeriňi eliňden uklap,
ýa süýrelip Sibirden-de aňyrda,
içiňdäki ýurdy çykaryp bilmän,
ses edip aglaýan zorlandym diýip,
süpürmeseň ganap duran gözleriň,
ýa duýulýan ganaýan dek hemişe,
gaçyp çykyp, soňra ýatdan çykaryp,
dolanmadyk bolsaň yzyňa ýa-da,
gelip görseň gara güýçler, ýaragly,
ýaralanan adamlary saklaýan,
abat diýip, bibat iliň adyndan,
gazetlerde garalanlar, biraz öň
seni goldap, goşgy ýazan dostlaryň,
kärdeşleriň kärin unudan bolsa,
görmeseň bir taýýar adam göreşe,
sen özüňi gözlemäge taýynmy,
ýa gerek däl, geçdim diýip bu ýerden,
gitdiňmi sen baky gitmesiz ýere,
ejeň galdy, kakaň galdy yzyňda,
dogry, ilki garaşdylar göz dikip,
geler diýip seniň giden ýoluňa,
soň gitdiler, saňa diňmek gerekdi,
başarmadyň, başartmady, belki-de,
aglap ýörmän, özüň alyp goluňa...