Zat duzagy

Sen esasy satyn alma,
gerekmejek zatlaryň, bes,
azalt hatda gerek zadyň,
oňup bilýän wagtyň öňki,
ýyrtylmasa aýakgabyň,
köýnekleriň ýapsa teniň,
gitme, alma täzesini,
goşa-goşa, arzanlasa,
soňy gelmez bu söwdanyň,
aldygyňça alasyň ger,
galasyň ger garaňkyda,
ýagtylykdyr öýdüp, gaýdyp
alyp bolmaz wagtyňy soň,
düşünmeseň tanamarsyň,
tapman geçirp bagtyňy sen...

Gatan bolsa düýnki çörek,
suwa batyr, ýumşadyp iý,
dynjyňy al oňa derek,
diňle içiň, guşlary gör,
agaçlary synla çykyp,
ýöre biraz, ýa oturyp,
daş üstünde irkil biraz,
sen esasy satyn alma,
biri bolma sarp edijiň,
tükedijiň, birlerini
baý, beg edip öňküsinden,
düşün, özüň, gözel ömrüň
zada berme, berme ýele,
seret özüň ýerde goýman,
ýeke pursat alyp ele...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026