Ilsiz ýurt

Adamsyz ýer, jennet ýaly,
suwy-da bar, çöregi-de,
howasy bar, jana şypa,
bolmaýar kän, beýle ýeri,
beýle ýurdy arassalap,
adamlardan iň ozaly,
ýykyp, ýumrup ojaklaryn,
guýularyn gömüp çölde,
kärizlerin sowup ýoldan,
öýlerini, jaýlaryny,
mal-dünýesin alyp galyp,
otlap eger bermeseler,
soň eýesi bolsaň ýeriň,
bolan bolsaň haýryň ogly,
garşysyna durýan şeriň,
ynanjak ýok, ýöne dogry,
gahryman bor käte uzak,
ogry mydam bolmaz ogry...

Ýurduň bolsa, eýe bolsaň,
gorap bilseň sözüň bilen,
sazyň bilen adamlaryn,
kesekiden, daşdan gelen,
içden dömen, ýaragy kän,
ähli peslik hyzmatynda,
ýok, bolmasa, ýykylsaň sen,
ýykan galsa ak atynda,
ölensoňam işi ýöräp,
üzeňňisi bolsa iliň,
ýanmak galar diňe köräp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026