Ösüş duzagy

Tanyş-biliş, dost-ýarlaryň,
galamdaşlar arasynda,
beýlekiler, eýlekiler,
gowy görer öňküligiň,
gowy görmez azdan, känden,
ýuwaş-ýuwaş özgermegiň,
bilmez olar, dşünmezler,
ýa islemez düşünmegi,
seni näme iýýär içden,
baka diňe aňsadyna,
diýlenmini etseň gowy,
git diýlene gitseň gowy,
gel diýlende gelseň edil
ýaga ýaly, edeplije,
ýok, sen başga adam bolsaň,
ýazsaň başga goşgulary,
aýtsaň başga aýdymlary,
okamazlar, diňlemezler,
ret edip ýüz öwürseň
açyk ýaraň ýalamakdan,
aglamakdan ses-sedasyz,
ýok, bu agyr diýseň çenden,
il bolaýyn diýseň ilde,
bozar olar bozguç bolup,
täze seni, özgereni,
üýtgeşigi öňküden kän,
bozdurmasaň, ýeke galyp,
gitmelisiň öňe bakan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026