Ýaşaýyş duzagy
Bilelikde ulalmaly, ösmeli,
bilelikde oňalmaly, susmaly,
gürleşmeli, düşünişjek bolmaly,
bolsa-da kyn, bolmasa-da netije
kän gürrüňden, alyp gaçýan işiňden,
iň erbedi – has petige diredýän,
aýry-aýry, gaçyp birek-birekden,
düşünemersiň, ýetişmersiň köp zada,
ýöne düşünmegiň kömek edermi,
aralygyň daşdygyne çen-çakdan,
özüň oglan bolsaň, oglan hasaplap,
garran bolsaň, garry hasaplap ili,
telper bolsaň, telperligi görersiň,
çuňa gitseň, çuň saýarsyň hemmäni,
emme adam uly, kiçi, beýik, pes,
gowumy ýa erbet gözlemek many,
mazmun munda aldawçymy, ýalanmy,
ýa ýaşaýyş diňe güýmemek jany?..