Halk duzagy
Halk özüniň ezijisin döredýär,
dogurýar ol sütemkärler gatlagyn,
hukuk fakultetin gutaran gowy,
ýa başga bir okuw jaýyn tamamlan,
ne dini bar, ne imany, jemagat
üýşüp bile, jelladyny ýaradýar,
urar ýaly, gyrar ýaly keýpine,
başyn egip durýar öňünde onuň,
iki-ýeke baş galdyryan ýykylsa,
agaç dikýär, asar ýaly asyny,
goraýar il ýok edýäni il diýýän,
ýurdum diýýän oglanlary, gyzlary,
ýaglap berýär ýaraglaryn poslasa,
gurup berýär türmelerin, gapysyn
soň açmaly altyn, kümüş zer bilen,
maldan çykyp, öýün satyp, bar bolsa,
çykýar käsi, bir arzuwy öýünde,
suwa düşüp, ak düşekde jan bermek,
beýlekisi gaçýar ömür berilse,
ýurtdan çykyp, bagty gelen bilmeli,
gelme diýýär naçar ene yzynda,
bärde ölen dynýan diýip gülmeli...