Mesele duzagy
Çözülmedik meseleler,
tutulmadyk ýaslar ýaly,
agyň ýaly aglanmadyk,
ýat illerde habar alyp,
ýakynlaryň hakda ajy,
düwün bolup galan içde,
gigşen barha, aýdylmansoň,
diňe seni, ýanýoldaşyň
ýesir almaz, gara gorky,
KGB-niň ganly eli,
bogşy ýaly atalaryň,
bogşy ýaly eneleriň,
bir nesil däl, gaýtalanyp,
bogar dymsaň yzdan gelýän
nesilleri gylaw alyp,
aýt derdiňi, utanç däl bu,
agla agyň, çykar içden,
gygyr käte ganhorlaryň
adyn tutup ýeke wagtyň,
ýatla ýeke-ýeke ejir,
zulum çekip ölenleri,
atlaryn tut, dile medet,
diý ejem jan, diý kakam jan,
diý doganym, jigilerim,
dymma saklan bolup edep...
Çözülmedik meseleler,
aglamadyk agylaryň,
tarapynda KGB-niň,
dymdygyňça, gorkdugyňça,
haç güýçlener, köp eseler...