Täze reallyk
Gowusy bar işgärleriň,
erbedi bar, hemmä belli,
ýöne gowy elmydama
gowy bolmaz diýip güldi,
soň aglady naçar ene,
kömek puly gijä galyp,
derman alyp bilmän ýene...
Gürrüň berdi, oglum düzüw,
gyzym düzüw işlejekdi,
bolmady hiç, goýmadylar,
erbet işgär diýipdirler,
günlerine goýmadylar...
Ikisi-de gowy okan,
edarasy başga ýogsa,
gaýtaraňok adamlary,
kagyzlary düzüw bolsa,
bitirýärsiň işin derrew,
bu bolanok, bahana tap,
bermelini bersin gelen,
el açmasa köse, gutap,
börek iýjek bolsaň öýde,
diýip ilki gyzjagazym,
soň oglumy boşatdylar,
başlyk näme diýse edip,
haýsy çärä diýse gidip,
berim, peşgeş alýanlaryň,
paýlaşsalar giçlik günde,
göwünlerin hoş etdiler...