Surat

Agyry duzagy

Hyzmatdaşlyk agalyk däl,
kiçeltmek däl kiçileri,
aldamak däl eýdip-beýdip,
talamak däl iň esasy,
at-ýaragym diýip gurat,
ýa başgany saýyp göýdük,
bilen bolup özüň alym,
hakykatda ruhy aç,
açyp ýüzüň, bolup zalym,
gülen bolmak oňa, muňa,
gumdan dolar agzyň bir gün,
seretmeseň biraz çuňa...

Hyzmatdaşlyk çagalyk däl,
sadalyk däl, eliň berseň,
ýykylana geçip gitmän,
ýa paýlaşsaň oýunjagyň,
soňky döwüm nanyň, bu seň
gorky-ürkiň aňlatmaýar,
ýa gürleşseň adam ýaly,
aldamasaň, talamasaň,
diýlip daşdan samsyk, asy,
sylag-hormat bolmaly däl
dargamagyň bosagasy...

Tire-taýpa bolup ilki,
at, eşekli, awlap tilki,
goýun bakyp, geçi sagyp,
bir-birege durup arka,
ýürekdäki dilde mydam,
girjek bolman mellegine,
gorap ili, öz ojagyň,
öz öýüňi goran ýaly,
ýaşamaly diýseň düzüw,
ýalan söze ýazman haly,
bu bir göýä yzagalak,
çarwa ýoly, oturymly,
ösen bilen dahyly ýok,
git diýseler, gaty görme,
ýurt keýpine ýykylanok...

Dogan ilki dogan bolýar,
soňra bolýar ýagy, garny
doýdugyça, iýdigiçe,
ýa aç bolup, agasyny,
inilerin ýigrenýär ol,
ýigrenýär ol ýegenlerin,
daýylaryn, urjak, gyrjak,
köpeldikçe şäherleşen,
iki ýüzli, ýüzsüz gurjak,
diýmek, yza dolanmaly,
ýok etmeli birleşigiň,
düşünmegiň bir-birege
sütünlerin soňuna çen,
soň gelmeli arkalaşyk,
halys palta degip daşa,
şondan, meger, diýilýäni,
agyryňa çydap bilseň,
iki müň däl, üç müň ýaşa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026