Surat

Başga pikir belasy

Başga pikir, dürli-dürli,
basylan hem ýok edilen,
ýok bolmady, gelip yza,
aýlanyp ýör ýurt üstünde,
gelýär, girýär öýlere-de,
açyk galyp äpişgeler,
ýa gapydan, biri gelse,
ýa-da çykyp gitse biri,
dükanlaryn ýapyp iliň,
iş açynsa, heläk edip,
jaýlaryny ýykyp iliň,
ýumrup içden mekdeplerin,
gülkä öwrüp ÝOJ-laryny,
bir pikirli etjek bolup,
ýa pikirsiz, baş atyjy,
agzybirlik diýip diňe,
gepletmedik başga gepi,
açylsa-da günde sepi,
garşy çykyp, güýçlendirýär,
ýok, gerek däl diýip dilde,
iş ýüzünde gelsin diýýär.

Türme eden ýurdy uly,
gulaklaryn dykýar pugta,
bolmasa-da çörek puly,
ýaşajak däl pesi magtap,
besdir, dymdyk diýip ozal,
onda-munda gepläp gaty,
sözlän sözi bolup gazal,
habar gelýär, dyzaýarmyş,
okaýan-da barmyş ony,
bolmasa-da gyrmyz dony,
netijede başga pikir,
özge pikir, çykyp gitmän,
aýlanyp ýör ýurt üstünde,
toýda, ýasda, metjitlerde,
aç öýünde, dok öýünde,
oturýar ol oturanlar
näçe bolsa, az, köp diýmän,
gorkýar ondan maly dünýä
sygmaýanlar, talany bir,
on, onki däl, ýüzlerçe müň,
tanalýanyn bilýär gowy,
bilinýänin üç, dört gelse,
gutarjak däl pulun sowup,
gara basýar kä gijeler,
başga pikir Gün dek dogup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026