Possun kyssasy

Döwlet seni ädiginiň
nobatdaky synag ýoly,
ýa ýesiri, eli bagly,
dili bagly, metbugatyň
nyşanasy edinende,
ýalaňajy uran ýaly,
gaçyp girip ýorganyna,
possunlylar, ýerin öllän,
galar diri, gitmez uzak,
ýa-da gitse, öz-özüne,
çagasyna gurar duzak,
diýer barma, golaýlama,
seniň işiň däl syýasat,
garaş başyn oda sokjak,
däli bardyr, bolar bir zat...

Akylly il oýnar sada,
has dogrusy, akmak bolup,
diýer diňe garaşmaly,
durmaz hiç zat bir durşuna,
seniňki däl hiç bir dawa,
dur, goşulma il urşuna,
gowgasyna, goja dünýäň,
belli bolar ýuwaş-ýuwaş,
atdan agýan, ata münýän...

Iň esasy paý-pyýada,
ýolda galma diýer dana,
boýar gara maşynyny,
diýse döwlet ak bolmaly,
gören ozal bolşewigi,
maly bolsa, baý ýa kulak,
Sibir taýa ýok bolmaly,
galanlary pagta ýygyp,
hatabyny goýup düýä,
bukulmak kyn diýip indi,
meşigini goýup güýä,
guýularyn gurruk edip,
öňki begler dünýä sygman,
goşgy diýip, boşgy ýazyp,
gyrmyz donly, pak bolmaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026