Gep duzagy

Adam össe, ýa giňese,
ýurtda galyp, ýa-da gidip,
galyplary döwüp, jaýryp,
aýryp özün aýrylandan,
ýylgyrýandan, içinde ot,
gürrüňleri, gepi üýtgär,
sagy üýtgär, çepi üýtgär,
galmaz öňki çäklerinde,
oglan ýaly, dawa etmez,
oýunjagym aldyň diýip,
ýa-da diýmez diýdiň maňa
onda, munda ajy sözüň,
ýa ýykylsam, el uzatman,
göre-bile ýumduň gözüň,
hassa bolsam, halym sorap,
jaň etmediň ýeke gezek,
garaşmandym senden, özüň
goýup gör-ä ýerimde meň,
diýmez, walla, galaýryn geň...

Adam össe öýkelmez,
kine saklap, öňki gepi,
gybatlary salmaz oýna,
görüp diňe öz gözünden,
akyl bermez gurda, goýna,
bolanlary bolan ýerde,
galanlary galan ýerde,
goýar, alyp gelmez, bilse
has aňyrdan öwrüm eder,
hederlerin içden iýýän,
öz aýybyn başga atyp,
basjak bolmaz gykylyklap,
gözlemez gep, getirseler,
alman gider sykylyklap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026