Oýun duzagy

Oýnamaly oýnan bilen,
bilip wagtyn, eliň degse,
saňa samsyk diýýän bilen,
gülen bolup ilki çyndan,
soňra gorkup, itýän bilen,
aldamaly diýip öňe,
tutan bolýan tarapyňy,
çeken bolýan bilen yza,
dyzan bolsaň batyrsyrap,
saklan bolýan, aýan bolýan,
dur, howlukma diýen bolýan,
ýöne itjek çukur tapsa,
dostuň bilen oýnamaly,
oýnamaly duşman bilen,
niýetini gizlemeýän,
bu bir oýun, alajyň ýok,
oýnamasaň, garyşmasaň,
ýaryşmasaň ýaryşlarda,
has-da samsyk saýar olar,
ýöne belli, oýun däl bu,
iýer agzy ýeten seni,
soňra diýer şeýle boldy,
nädeli biz, ýalňyşdy-da,
çagalary ýetim galdy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026