Özüňden gitme
Sen özüňi ýere çalma,
urma guma, çöp-çalama,
sesin basma gerekleriň,
derekleriň ýykyp, ýakyp,
zerurlygyň iň esasy
itme yza, gemre baglan,
ýatak ýaly artylmadyk,
ýa geçi dek, suwsuz galan,
çekrese-de uzakly gün,
görmezlige salma özüň,
başgalaryň göwni üçin,
gysma egniň, rahatlyk
gözleme kän ösjek wagtyň,
ýa uzajak wagty eliň,
yza çekme, besdir diýip,
öz-özüňe şübhelenme,
galma gadyr bilmez bilen,
beren bolup häsin, ýalan
artyk sesiň sem etmesin,
bejermegi özüň günde,
em etmegi öz-özüňe
soňa goýma, garyşdyrma
güýjüň bilen güýçsüzligiň,
itme özüň yza ýene,
gitme taşlap özüň ýele,
başgalar däl, özüň bilen
ýaşa berip eliň ele!