Gözegçilik duzagy
Gözegçilik, gözegçilik,
her birinde gurluşygyň,
köşgi-eýwan, giň saraýlar,
ýollar diňe ýol üçin däl,
ýa köprüler, görülmedik,
güýmemeli adamlary
çörek berip, arak berip,
börek berip käbirine,
bu birlerin aç-hor saklap,
beýlekisin gülki edip,
adam bakan zordur, aýlyk
aljak geler özi gidip...
Düşünmesin ýagdaýyna,
alyşmasyn pikir, duşup,
zeýrense-de bütin ömri,
bölmeli il ünsün mydam,
bor-bolgusyz gepler bilen,
saz ýerine depler bilen,
galmagalyn ýetirmeli,
ýeke goýman hiç birini,
üýşmeleňe getirmeli,
saklamaly süri edip,
ürküzmeli garasöýmez,
betpäl diýip ýeke çyksa,
çaga ýaly, jäjek berip,
saklamaly ýylpyldawuk
zatlar bilen gözün gapyp,
pikir-oýun bulaşdyryp,
galsyn özi ýolun ýapyp...
Gurluşyklar giňeldilýär,
ösýär durman bir durkunda,
işçiler kän, gurluşykçy
baş inžener kämilleşýär,
bilýär, görýär adamlary,
nirelerden geçen, gelen,
gözegçilik ýeterlik däl,
ýol gözlese, tapar gözli,
ýeterlik däl oýun, gülki,
ýazyjylar, müň bir sözli,
gülen bolup urar, ilki
aglasa-da setirleri,
seretmeli nirä barýar
pikirleri, giňejek soň,
bilim ýolun taýga edip,
saklamaly mydama doň...
Seretmeli näme geýýär,
ýa boýnuna dakýar näme,
haýsy reňk halaýany,
gyzyklanýar näme bilen,
haýsy heňe gulak asýar,
ýa hiňlenýär haýsy ýolda,
howply bolar köp okaýan,
begenmeýän özün aldap,
diňlemeli diýýän zadyn,
bilip, barlap mydam janyň,
seljermeli käbiriniň
aýdaýanyn däl, aýtmaýanyn...
Ýok bu ýerde täze bir zat,
öňden gelýär öwrüm, kada,
gaýtalanýar kä inçelip,
kä ulalyp köne ýoda,
bir öwrenseň düşünmegi,
görmezligiň bolmaz mümkin,
ilki ösmek, adam bolmak,
soňra galmak adam bolup,
ýakynyňa bolmak ýakyn,
seret, synla, nähili kyn...