Liberal duzagy

Tejenli ýok, çärjewli ýok,
ýok maryly, daşoguzly,
balkanly ýok, bir türkmen bar,
bar beýleki milletleriň
wekilleri, ata-baba
ýaşap ýören, gelip birçak,
ýa soň gelen, parhy näme,
adam bolsa, adam bolar,
bolmasa ýok, sen ynanma,
doganyňam bolsa açgöz,
bir sözüne, aýan eder
iýjek doýman biri-birin,
bahanasy, sebäbi kän,
bek durmasaň, goýmaz diri.

Ýurtdan çyksaň, görseň, bilseň,
düşünersiň adam meňzeş
ýa çalymdaş hemme ýerde,
şerte görä durmuş, göreş,
paýlaşmaly ýol-ýodany,
bölüşmeli dünýäni sen,
alyp gaçman jübä salyp,
çörek ýaly, saçakdaky,
sygyşmaly awtobusda,
uçarda ýa gämilerde,
bir özüňe iki orny,
ýa üç orny aljak bolman,
ýöne alýan alýar artyk,
bölýär ähli adamlary,
aga, gara, sary, goňur,
ýa-da diýýär başga bir zat,
din mesele, adam döräp,
gep tapylar, çöp tapylar,
pikir etme, atjak üçin
adamlaryň arasyna,
bu oýundyr, öňden gelýän,
ýaşar çydan ýarasyna...

Hemme ýerde şeýle, meger,
bir özüni bilmeli il,
özün aldap, gülmeli il,
ýaşyrmaly niýetlerin,
bolan bolup başga, gowy,
özün gowy duýar ýaly,
saýar ýaly özün artyk,
men iň ösen diýer ýaly,
sen bilmeli özüň egsik,
çarwa, wagşy, yzagalak,
olar seni öňe çekýär,
gözüň açjak bolýar, belki,
adam etjek, dogry düşün,
ýylgyr gowy, yza galma,
bazara git bile, üýşüp...

Sarp ediji hemme ýerde,
tükediji, aýkgabyň
üýşüp ýatsyn, al ýene-de,
köýnek, balak, joraplaryň
sanyn bilme, arzanlasa,
ýa halasaň, gymmat bolsun,
besdir geýseň ýeke gezek,
görse tanyş, bilişleriň,
al, gysganma, gowy bezen,
ahyrynda ölýär hemme,
liberal bol gürrüň etseň,
begen duşan, sataşanyň,
duz iýeniň ülpet bolup,
yzdan gorpa itmän gitse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026