Ýeke ýol

Adamlar, diýýärler, edýän işine,
jogap berse gowy soralan wagty,
zyýany ýok bolsa başga pikirli,
başga bolsa ynançlary, belki-de,
bu dünýäniň aňry başy däl heniz,
ýöne olar agyrtsalar özgäni,
ynjytsalar, daraltsalar ýerini,
men ynanýan diýip özüme diňe,
ýa bilýärin diýip edýän işimi,
soramaly ynanjynyň esasyn,
boljakmy bu dowam etse, geçilse,
ýöne pikir, düşünjesi başgaça,
ýa üýtgeşik diýip görüşi bizden,
ony tutuş kyhlap, garalap zyňsak,
muny tutuş kyhlap, garalap zyňsak,
bir galyba salyp bütin ülkäni,
biziň gaçjak çukurymyz uzak däl,
ony eýýäm görüp, düýbüni deşip,
geçen-de kän o tarapa, bilýäňiz,
galanlary saklamaly, islesek,
üýtgetmeli, meger, barýan ýolumyz,
bir, ýeke ýol, biz düşünjek bolmaly,
o birine, bu birine gowurak,
eger täsir etjek bolsak azda-kän,
tutup gezmän elde urmaga kerki,
halas etjek bolsak özümiz, irkä...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026