Köwek duzagy
Men näme üçin geň galmaly,
döwlet atdy diýip töhmet,
ejiz çykdy diýip güýçli,
karam etdi diýip mähnet?
Garaşsyzmyş, bitarapmyş,
tanky bolan ýüzläp, müňläp
oky bolan gorksa, ürkse,
ýokka ýeke gylyjym meň,
salsa gara türmesine,
men näme üçin gynanmaly,
ýeňilenin alsa boýun,
başlanmanka çyndan oýun?
On müňlerçe nökeri bar,
telpegini getir diýse,
kelle aljak, bary taýýar,
diýseň bolýar pikir etme,
ýa diýilse ýum gözleriň,
gulaklaryň keçeli ýat,
okama hiç goşgy, gazal,
ol ýalňyşdy başdan, ozal
Pyragyny okan bolup,
okama sen diýse, gülse
gulagyna çenli agzy,
men näme üçin gam çekmeli,
köwek bolsa döwlet wagzy?
Men näme üçin aglamaly,
ýat illere gaçdym diýip,
galdy diýip enem, atam,
gözün ýola dikip, olar
görüp durka kim şermende,
kim talaýar ilin, çaga,
garry diýmän, diýmän hassa,
gözli körler görer muny,
geler maňa assa-assa...
Men näme üçin subut edip,
görkezmeli görnüp duran
hakykaty, gerek dälkä,
näme üçin gülmeli däl,
çaga ýaly päk, arassa,
ýa düýş ýörüp, çaga ýaly,
gözýaş etsem diňip bilmän,
galpaklarym sypaýança
ejem eli, kakam eli,
daşda dursa gorkup menden,
goramaly nädip ili?..
Men näme üçin ýazmaly kän,
boljak ýaly okajagy,
düşünjegi iliň ertir,
gykylykka bütin dünýe,
galmagalka gulak gapan,
bişen üzüm ýaly halkym,
tüketjek dek serçe, sarlar,
edindimmi görüp sapan?..