Aç möjek oýny
Döwlet bolsa aç möjek,
ýa-da syrtlan sürüsi,
ýeke çyksaň dalaýan,
gyşda, garda, meýdanda
malyň bolsa talaýan,
ogurlaýan soňky keçäň,
iň ýokardan aşaga,
uly, kiçi doýmasa,
näçe iýse, ýygnasa
haly, palas öýüne,
ýa bu şeýle bolmaly,
dünýe şeýle, adaty
adamzadyň ogurlyk,
hemme diýse aç möjek,
taýak tapsaň salmaly,
çem gelene, gaýtawul
görmejegiň aňlasaň,
il-gün sada, sabyrly,
çydam etse, öz işi,
ýa ynansa hudaýa,
gorar diýip garaşsa,
aýdyp bilmän sözüni,
özüçe bar, ýoklara
basgylatsa özüni,
çagasyny esasy,
dowam eder bu oýny
emel ýeten begleriň,
çagalaryn okadan,
gowy okuw jaýynda,
ýa-da eden diplomly,
geler ýaly ýerine,
bu gurluşy dünýäniň,
isle ýa-da isleme,
gurban eder şerine.