Güýçlüleriň güýji

Güýçsüzleriň güýji näme,
egilmekmi aşak, aşak,
bolan bolup bolmadygyň,
ýaşamakmy ýalan ýaşap,
ýa göreşmek, bu bir sorag,
bolmalymy sen özüňi
ýaralaýan gara ýarag?..

Gýüji näme güýçsüzleriň,
nirede ol, gaçdy haçan,
dargap gitdi çöp-çalamda,
monjuk ýaly, bagy üzlen,
nämä gerek eýe, habar,
düzjek bolsaň ýalňyş sözlem,
ýa sözlejek bolsaň ýalan,
kabul edýän kabul eder,
bilýän gorkar geplemäge,
durşy bilen bolup heder...

Gaçmak nämä gerek ýurtdan,
onda galan, ýalan ýaşan,
ýalan ýazan ýazyjyny,
ýa şahyry ýatlap ýörseň,
görseň düýşde döwli guýy,
diňläp gepin Taýmaz babaň,
ýa okasaň ýazanlaryn,
o şahyryň, bu ýazyjyň,
orden alan, ýa medally,
many gözläp, özümiňki,
beýgeldeýin diýip pesi,
çukur bolsaň soňky, öňki,
bolşewikden galan, ýoksul
birleşmeli diýip bir gün,
gürleşmeli diýip bir gün,
söz tapmasaň ýeke dogry,
peýdasy ýok atyň, itiň,
soň diýerler olam ogry...

Mal ogrusy gowy, belki,
ýa ogurlan pagta ilden,
ýa nebit-gaz, satjak, aljak,
münjek gymmat maşynlary,
sen ýazyjy, Pyragynyň,
Keminäniň ýolun saýlan,
güýçsüzleriň güýji näme,
ýa-da näme başga pikir,
düşünersiň, bir goşawuç
göwher alyp, ynjalmarsyň,
ýylgyrmarsyň ýalan, Alla,
hudaý diýip bar mesele,
bu dert diýip gygyrarsyň,
ýa ýok diýmän bar kesele,
bileniňi aýtjak borsuň,
içen bilen içip, çekmän,
tüsse tutan öýden çykyp,
açyk howa gaýtjak borsuň...

Hawa, näme başga pikir,
bu nireden geldi, çykdy,
näme onuň haýry, şeri,
kim goldajak ony ilde,
ýatjak bolsa garyş ýeri,
iki-ýeke, bäşlek, üçlek,
gürledi nä, gürlemedi,
näme edip biljek olar,
üýtgedermi ýurdy teke,
üýtgedermi ýurdy ýomut,
basyp alnan, gul edilen
iller azat bolup bir gün,
ýaşamaga ymtylarmy,
ýa gutarar başga pikir
ýene birni edip sürgün?

Güýliň güýji näme, belli,
azlyk olar, köpçüligi
ezip bilýär ezdirýärkä,
urmasa-da kökün çuňdan,
düýn-öňňunky ezijiniň
iş usulyn dowam edip,
saklap süri, aç nökeri,
şonça gowy düşünjesiz,
näçe gorkak bolsa, uzak
galýar olar iş başynda,
her doglana gurup duzak,
okuw, işi, düşewüntli
orunlary ýarag edip,
güýçli güýçden salýar ili,
oňsa diňe işe gidip,
işden gelip, pikir etmän,
diýse mydam çagasyna:
barmaň, görmäň, gepe gitmäň!

Güýçsüzleriň güýji beter
gaçýar, geçýär güýçlä mydam,
çyn bolmasa aýdýan sözi,
ýalan bolsa gülýän gözi,
pygly bolsa başga, özün
aýap, itse başgalary
öň hatara, durup yzda,
göwünlik ber eşegiňe,
belki, garny doýar ýazda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026