Seniň ýoluň
Ummanlara urma, ýüzme,
haldan gaçyp, gark bolýançaň,
daş bolýançaň suw düýbünde,
diýipdirler seniň üçin
derýadan däl, köprüden-de
geçmejegiň gamyn iýip,
aýdypdyrlar kän gowy zat,
gaýta-gaýta, örän öňden,
ýöne gördüm, diňleýän ýok,
özi üçin edýär adam,
näme etse, il bahana,
çagalary üçin edýär,
kemsinmesin diýýär maňa
ýoldaş bolan ýaşlygymdan,
geçen ýoluň sylamaly,
kyn-da bolsa, ýykylsaň-da,
ganasa-da dyzyň, eliň,
diýipdirler gadyry ýok,
biten ýeri sowuk gülüň,
ýa-da juda yssy, käte
ummanlary boýla, bolsa
iý balygyn alsa mäde...