Aýyplamaň şahyry
Şahyrlara şa gerek,
iň ozaly ol ilde,
öwer ýaly don geýse,
täze bolsa, bolmasa,
gowy gelişdi diýip,
hatda çyplak bolsa ol,
diýmeli bor sen ýaşa,
biz öleli, bol hoşal!..
Ýazyja-da gerek şa,
ýazar ýaly roman,
ene, atasyn öwüp,
ýoýup bolan zatlary,
alyp, çatyp, üýtgedip,
başga-başga atlary...
Bagşylara, sazanda,
hudožnige gerek ol,
çeker ýaly suratyn,
heýkelçiler heýkelin
ýasamaly, satmaly,
dagy nätsin pahyrlar,
ýogsa işsiz ýatmaly?
Syýasatça gerek ol,
alar ýaly wezipe,
gerekli ol işewür,
gurýan bolsaň has beter,
gurluşykda urluşyk,
urýan bolsaň has beter,
paýlaşmaly alanyň,
peýdasy ýok ahlakly,
tozup yza galanyň,
sylaýan ýok garyby,
kim baý bolsa, ýylgyryp,
diýmeli däl agyr söz,
il ýüzüne öwmeli,
soň diýmeli içiňden,
gözi çyksyn ýalanyň!
Köp adama gerek şa,
çagajyk bol, bol uly,
ak sakgally, ak gyňaç,
hajy bolsaň has möhüm,
el çarpmaly, durmaly,
emel ýetse, taýakly
taýaksyzy urmaly,
gowy bolýar oýnatgy,
köwek bolsa ýolbaşçy,
okamadyk bir kitap,
ýa-da huşy kütelen,
ýöne öňden, ýaşlykdan
Pyragyny ýigrenýän,
adyl bolmaz şa diýip,
samsyklapdyr diýip kän...
Samsyklara gerek şa,
gerek nirde akmaga,
samsyk saýyp özünden,
hoşal bolup gülmäge,
eger akly kem bolsa,
kim oýnamaz pahyry,
ýeňilkelle bolmasa,
ýeňletmeli kellesin,
özi üçin işleýär,
öte geçse kämahal,
aýyplamaň şahyry...
Şahyrlara şa gerek,
öwer ýaly donuny,
bilýär olar çyn ýazsa,
boş goýar il ýanyny,
ýa gaçmaly ýurt aşyp,
ýa içmeli zäheri,
söýer olar, nätsinler,
gula öwren şäheri.