Ýykylan pälwan
Ýurtda iki, üç adamyň
göreşinden bitmeýär iş,
ýeterlik däl on, ýigrimi,
otuz adam kanun üçin,
kada üçin çyksa ýola,
üç ýüz adam çar tarapdan
hüjüm etse hak diýene,
pak hukukça pak diýene,
ýurt ýykmaga ýok diýene,
iş bitmeýär, belli zat bu,
il guwanýar ogry haja
ýa-da gara ak diýene...
Ýurtda elli, ýüz adamyň
göreşeni ýeterlik däl,
ýollar üçin, ýoda üçin,
ýörelmeli, gidilmeli,
öňe diýip, öňe tarap,
daş, kesegi aýryp ýoldan,
gitmeli il, sowlup etmän
ogurlygy ownuk, iri,
ýaşamaly adam ýaly,
bolan bolman ölüp diri.
Ýüzlerçe müň tomaşaçy,
biri-birne meňzeş örän,
bile ýaly, aýry ýaşap,
çilenjesin aýry daşap,
emel salan bolsa ile,
bu bolmaýar, oglan-gyzlar,
yzdan gelýän görüp, synlap,
ýadamasa ýalanlardan,
ýok, bolmaýar diýmese bu,
gaty görmäň galanlardan...