Yglan edilmedik uruş
Biziň ejemizi agladan gülüp,
biziň kakamyzy agladan gülüp,
bir, iki däl, köpçülikdi, hezillik,
pikir etdi, baky berlen, bolmady,
bu uruşdy, asmanymyz arassa,
altyn asyr diýýärdiler adyna,
ýöne görýän görýär, bilýänler bilýär,
ýetişjek ýok aglanlaryň dadyna,
sanalmaýar ölen, ýiten, maýyplar,
dul galanlar, ýetim galan, müňlerçe,
medal alýan köpeldikçe köp tozýan,
baýlar-da bar, olar bolmady haçan,
gaçan gaçýar, gör, näçe ýyl geçipdir,
habar gelýär gidenleriň yzyndan,
o pylany öldi, galdy türmede,
o biriniň jesedini berdiler,
bu biriniň bellisi ýok, nirede,
beýlekisi çykyp öldi, öýünde
gören, soran diýdi ahmyr durşuna,
olar halky saldy, meger, hiç haçan,
ýa bu golaý gutulmajak urşuna...