Döwlet duzagy
Başa gelen bela bolsa,
hassa bolsa gorkusyndan,
gije-gündiz kelle döwer,
pikir eder, nädip ili
aç etmeli, hor etmeli,
eli degmez ýaly zada,
ýa baýasa, müýnün bilip,
gaçar ýaly mydam bady,
nädip iliň giň dünýäsin,
ýatýan ýerin dar etmeli?..
Başa gelen bozuk bolsa,
açgöz bolsa çenden, çakdan,
kelle döwer, pikir eder,
ili nädip entetmeli,
aýlyk, günlük almaz ýaly,
ýa alany, gazanany
ýetmez ýaly bezenmäge
nädip halkyň men-menligin,
buýsanjyny peseltmeli,
ýer etmeli mertbesin,
maslahatçy, ýaranjaň kän,
diýer olar seňki dogry,
goýun götär mesligini,
türkmen bolmaz ýagşylyga,
güni gowy bolsa azar,
garyp bolsa, näçe ezseň,
çörek tapsa, şükür eder...
Başa gelen ilki jomart,
sahy bolup oýun eder,
mugt berýärin ony, muny,
eziz ilim, altyn asyr,
sür döwrany, ýurt seniňki,
soňra tapar müň bir hokga,
ýykar jaýyn jaý salanyň,
ýapar açan işin iliň,
neşirýatlar, kitap berjek,
petiklener bir ujundan,
gazet, žurnal galmaz abat,
ýazyjylar ýalançy bor,
arak, tirýerk arzan bolar,
ýer berilmez işlejege,
okuw jaýy okajaga,
gitjege ýol ýapyk bolar,
prokuror, garalawçy
ganym bolar ulus ile,
eli ýeten hökümdara
gulluk eder gurup hile,
dymyp, eger dym diýilse,
ýa gaýtalap ýat tutulan
jümleleri, öz sözün däl,
bu başlandy, seret, haçan,
dowam edýär üstünlikli,
biri diýdi ýat illerde,
ýurt boşajak, gaçýar sypan,
umydym bar, özem bir gün,
bolar syçan gurup gapan...