Töwerek duzagy
Ownuk-uşak ýaly, ýöne
ownuk zat ýok ýaşaýyşda,
töwregegiň, gürrüň edýän,
kofe içýän adamlaryň,
ýolda duşýan tanyş, biliş,
baş atyşyp, geçip gitmän,
gülşen bolýan durup biraz,
tana, bolsa yza itýän,
äsgermezlik etme ili,
içigaraň eli, dili,
tutmasa-da täsir eder,
gylyklaryň, gaýtalaýan,
pikir-oýuň, ýesir alan,
gitjek bolsaň, saklar, aýan,
edýän işiň, herereketiň,
bereketiň, görýän, belki,
ýa hassalyk, dynjyň alman,
gitseň uzak ýoldan, ilki,
iň öňürti barjak ýaly,
täsir eder ýalan sözli,
iki ýüzli egindeşler,
çekilmeseň çekilmeli
adamlardan, iki, üç däl,
biri bolup galyp süriň,
garda buýan goýun ýaly,
ýüňüň iýip, ölmeli sen,
bu zatlary okap däl-de,
kitap açman bilmeli sen.