Ýata suw duzagy

Azatlygyň özi birden,
aýak bitip, ýörjen-ýörjen,
ylgap, gülüp gelmeýär,
saklaýarlar ony ýolda,
sorag edip her ädimde,
o birleri birnäçe ýyl,
beýlekisi bütin ömri
azap edýär ile gerek,
zerur diýip sözi, erki,
o birleri sürgünlikde
galýar düýşde gidip ýurda,
bu birleri öldürilýär,
ýa keselläp, gaýgy-gamdan
ýaşan ýaşy ýaş bolmaýar,
gel diýseň-de olar soňra
bu göreşe, gykylyga
ýalbarsaň-da goşulmaýar,
ýagyş, ýagmyr ýagmasa hiç,
derýa bolsaň, däli, jeýhun,
joşjak diýip joşulmaýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026