Göz duzagy
Olar saňa sakçynyň,
eli taýak, töňňeli,
ýa ýaragly, eserdeň
gözi bilen baksalar,
müňkür bolup hemişe,
häzir bolup atmaga,
ýa tutmaga tüpeňlemän,
sen seretseň özüňe,
gözi bilen tussagyň,
ýa ýesiriň, ýaragyn
taşlan ýere bireýýäm,
ýaralanyp uruşda,
ýa uruşsyz, çekilip,
ölmän galsaň razy,
olar näme diýseler,
diňe diňläp diýlenin,
sorag berme, hermmesi
mamlar diýseň güýçliniň,
diňe tussag ýa ýesir,
kaýyl bolup galmaly,
başga gürrüň ýok bärde,
azatlygy seniň üçin
başga biri gazanmaly,
erkinligi seniň üçin
başga biri almaly,
getirmeli gapyňa,
sen çözmeli soň ony
kowmalymy işikden,
ýa içerik salmaly...