Gülki duzagy
Eger-de men gerek bolmasam ýurda,
ýalançy däl, dogry sözli, ýigrenji,
garalansam, ýaralansam, ýyl kesip,
jenaýatçy edip bolsa delilsiz,
eger gaçsam açyp demir gapyny,
gapydaky iti sakladyp sakça,
bimessebiň öz emelin ulanyp,
yzdan sögüp, töhmet atsa utanman,
hudaýkalar, diwanalar, polatlar,
oturan il, tomaşaçy, biperwaý,
gülen bolýan hehe-hehe, hehe-he,
ýa aýdymy, sazy bilen başagaý,
ýa mugt ýakan gazy bilen başagaý,
ýyllap diňläp iň bolgusyz gepleri,
başga işi gutaran dek hamala,
ýa bilmeýän näme bolýar, bolmaýar,
ýa-da bilip, ýykýan ýurdy berimde,
para, peşgeş batgasynda balykçy,
suw bulansa, durşy gulak, ýylgyrýan,
eýlekiler, beýlekiler, diplomly,
diplomsyzlar, aýlyk-günlük galmadyk,
gidiň, entäň ýat illere diýilen,
para berip wiza alan, bergili,
aç bolmaýyn diýip, alsa ýanyna,
alyp galyp gowurdagyn serhetde,
barlasalar bilip gaýratyn, hetdin,
siz näme üçin gerek bolmaly ülkä,
bu soragy men bermäýin, siz beriň,
ýa-da gülüň uzak, güýç galsa gülkä...