Şahyr betbagtçylygy
Goşgy ýaly, kyssa ýaly,
çagalaram bolýar eser,
käsi gowy, käsi erbet,
enä görä, ata görä,
ýa-da çekip daýysyna,
köp mesele göreldede,
için dökdi ýolda goňşym,
bir şahyryň ogly ýeser,
görünmeýär okuwyna,
kim günäkär, men günäkär,
aýlyk alýaň, git-de getir,
tap diýýärler nirde bolsa,
bolmasy iş bolsa birden,
bu günümiz ýitirmäli,
sözümizi diňlemezler,
men diýýärin alajym ýok,
telefony almaýarlar,
ýygnak diýseň, gelmeýärler,
ýogsa şahyr diýdi kakam,
pul seçýärmiş baýrak alsa,
men nädeýin öňe çykan
on bäş asyr yza galsa..
Ýok, bilemok, git diýdiler,
çagalarym goýup goňşa,
işden soňra gitdim gözläp,
bir gezek däl, iki gezek,
gapylary açylmaýar,
jogap berýär kiçijik gyz,
ejem işde, a kakam ýok,
ahyr bir gün tutdum ýolda,
işiginde öýleriniň,
dil hatyny almalydym,
günä bizden gider ýaly,
men bilemok diýdi ene,
ol o jaýda, ogly bilen,
içýär, çekýär, goşgy goşýar,
ýokarkyny goýman ýerde,
men bu jaýda, gyzym bilen,
aglap derde elim berdim...
25 ýaly öňki gürrüň,
52-niň pedagogy
zeýrenipdi ýüzün tutup,
utanýaryn diýip gaty,
umytlydyk başda örän,
geljek günler diýip ýagty,
bu gidişde bilmeýärin,
çüwermikä iliň bagty?..