Siňek hakykaty

Siňek obaň iň ulusy bolsa-da,
goramasaň agyz-burnuň sak bolup,
goramasaň ýüzüň, gözüň, belli zat,
goramasaň iýjek, içjek zatlaryň,
hapa bolar, kän uzaga gitmersiň,
kän eselme täze diýip maşynym,
ýol hatarly, menziliňe ýetmersiň...

Dagda, düzde parhy bolmaz, ilgezik,
siňek mydam siňek bolar, her ýere
gonar, uçar, bilmez hormat-sylagy,
ýa barmaly, görünmesiz ýerleri,
bürgüt diýip, oda ýazanyň bilen,
süýji bolsaň, beter bolar işdäsi,
gorap bermez başga biri ýetişip,
çaga-çuga, garry-gurty bolmasaň,
işsiz däldir o birleri, bu biri,
gelip kowup, ýuwar ýaly ýüzüňi,
aýlyk alyp, iş etmediň diýmersiň,
siňek ýurduň iň ulusy bolsa-da,
gora özüň, ýogsa baly, şekeri,
gaty uzak döküp, saçyp iýmersiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026