Mamla bolmak duzagy

Bu bir sorag, näme üçin adamlar
pikirlerin üýtgedýärler kämahal,
ýa-da asla üýtgetmeýär, saklanýar
ynanjyna, imanyna ýapyşyp,
miras alan atasyndan, eneden,
adam hassa, bilýär muny, bir jogap,
ýolugan ol dermany ýok kesele,
bu akyldan, akmaklykdan nyşanmy,
ýa bu ýerde barmy başga mesele?

Biri diýdi bu mesele her kimiň
öz içinde, beýnisinde, ýürekde,
pikir bolsa, üýtgemeli, doňsa-da,
derýalaryň suwy akýar aşakdan,
bu gün bir zat, ertir bir zar diýýäne,
ýa iýýäne başga bir zat birigün,
golaýyna barman etli gurabyň,
ýa agzyna alman bir owurt wiski,
öz gözüňden garap bolar elbetde,
ýöne galat ejiz saýsaň hemmäni,
ýa-da saýsaň öwsüp duran şemala,
adam ömür boýy öwrenýär diňe,
synag bar dek öňde uly hamala...

Biri bardyr, jedelleşer, gygyrar,
sesin basar garşydaşyň, söz baryn,
lenji çykan delilleri ulanyp,
görkezer ol derejesin, akyly
ýeter diňe goramaga boş gepi,
wagty geçen pikirleri seljermän,
görmän döwrüň hakykatyn, köp sepin
özi açar, jogap bermek gerek däl,
soramaz ol bolmaýyn men bimamla,
pikir eder diňe nädip ýeňmeli,
ýapjak bolar ertir açyljak syry,
gömülse-de çykyp gabyrdan eli...

Akly bolan başga bolar, sereder,
hakykaty görjek bolar, üýtgeýän,
adamlary tanajak bor, düýnki däl,
ýa-da galan şol bir ýetilen ýerde,
aýyrar ol hakykaty tahýadan,
ýa telpekden, gyrmyz dondan, atyndan,
näçe gowy görsün daýaw köpegin,
boýun alar ýalňyşlaryn utanman,
çykar, gider boş gürrüňden, dawadan,
hiç bir ýere ýetirmejek, düşüner,
mamla bolmak, güýçli bilmek özüňi
hakykaty bileniňden gowy däl,
gowy däl bu, erbet, ýadadar gaty,
gaýtalamak ynanmaýan sözüňi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026