Iliň paýy

Iller bilýär, görýär bolýan zatlary,
ýa bolmaýan, kynlaşdyrýan durmuşy,
garyp üçin, beg üçin däl az sanly,
ýöne keriň, körüň rolun alyp,
oýnan bolýar bilmeýäniň oýnuny,
hem tabşyrýar çagasyna goşulma,
barma diýip golaýyna dawanyň,
diýýär içden, goý, goşulsyn başgalar,
türmä düşsün, ýa urulsyn, sögülsün,
ýat illerde bosgun bolsun, enesin,
atasyny görüp bilmän aglasyn,
kän ahlakly, dindar, hudaýa uýýan,
o dünýäsin gaýgy edýän daşyndan,
ýüze sylyp täze dogan aýlary,
orýar iller ekenini her ýylda,
artyk ýa-da kem bolmaýar paýlary...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026