Medeniýetsiz medeniýet
O birisi ýazypdyr,
jany durman, belki-de,
soň bilerler bizi has
gorkan diýip ölümden,
aşyk bolup hökümlä,
basjak bolup dowluny
sanaýmaly doýanyň,
seňrik ýygran açlara,
iýmedik dek goýanyn...
Tanalarys biz, belki,
bütin ömri zat ýygnan,
ýöne gözi doýmadyk,
adam bolup sözünde,
gülüp ýaşan ýalandan,
ruhy boş, gözünde
doňup ýatan okean,
beýlekiler, eýleki,
o tarapy köçäniň,
daşardaky haýatdan,
ýa-da çeti şäheriň,
gyrak-bujak obalar,
ekýän, dikýän, mal bakýan,
garry-gurty, keselli,
çaga-çuga, dul aýal,
näme bolýar, bolmaýar,
gün, güzeran nähili,
suw akýarmy derýadan,
käriz suwy sowukmy,
gürrüň etmän hiç hili,
geçen diýip biderek,
görmän, bilmän hor ili...
Soň diýerler olaryň
bar göreni gözüniň
haryt, hasap, zat diňe,
malda, pulda barlygy,
almak, satmak, at diňe,
derejemiş eşikler,
maşynlary, jaýlary,
ertir galjak kerepläp,
diýerler bu olaryň
syýasaty, guraly,
saklar ýaly ýüregi,
duýgulary rahat,
ýöne belli, o döwür,
kiçi bolan ýürekler,
gaty bolan, daş ýaly,
doly awy, zäherden,
içinden iýen aly...