Surat

Ynam duzagy

Kim ynansyn saňa, dostum,
görkezmeseň netijäňi,
kim goldasyn seni gelip,
görkezmeseň üstünligiň,
elin çarpan bolmaz, düşün,
göreş tutup, ýykmasaň bek,
ýa gykylyk, galmagalsyz
kim saýgarsyn bardygyň seň,
sylan, hormat goýan bolmaz,
subut edip ýalňyşlaryn,
görkezmeseň bilýänleriň,
ýa geljek ýok el uzadyp,
ilki özüň özüň sylap,
el bermeseň, galdyrmasaň,
ýatsaň, galsaň ýola bakyp,
görkez gadyr, gymmatyňy,
şemal ýaly öwsüp durman,
peşmek ýaly uçman ýelde,
tüweleýde başyň aýlap,
ynan, gelip ýüpleriňde
odun goýan bolmaz bilip,
umyt edip gazanmasaň,
işiň bilen ynam, diliň
tansy saňa peýda bermez,
düşünmezler döşe urup,
geçen ýoluň gürrüň berseň,
görmeseler sapaklaryň,
özleşdiren uzak ýolda,
subut edip başgadygyň,
saýlan ýalan ýaşaýandan,
hoş bolýandan özün aldap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026