Döwlet bolsaň
Döwlet bolsaň, ilki işiň
ili aman saklamaly,
saklamaly ýurdy abat,
beýnilerin goramaly,
çagalaryň, ulularyň,
okajagyň kitaplaryn
ýakmaly däl, almaly däl,
ýapmaly däl neşirleri,
täze pikir, ýol görkezjek,
özüň ýazyp öz kitabyň,
ýa ýazdyryp birlerine,
salmak üçin galybyňa,
alma diýip, ýa nar diýip,
satmaly däl azot berlen,
tiz çüýrejek käşirleri...
Döwlet bolsaň, ilki işiň
goramaly ruhuny,
ýüregini gözel iliň,
arassa, giň saklamaly
pikirlerin, niýetini,
nusga bolup saplykda sen,
tämizligiň görkezmeli,
köýnegiň däl täze alan,
penjegiň däl täze gelen,
maşunlaryň, uçarlaryň,
il pyýada entäp ýörkä,
ýa jerime töleýärkä,
her ädimde taýak galgap,
ezmeli däl ili ýolda,
urjak diýip, eliň salgap...
O birleri goňşy ýurtda
göknar ekip, tirýek satsa,
ýa getirse geroini,
goýmaly däl ýolun açyk,
ýok, git diýmän, almaly däl,
salmaly däl gowy jaýa,
soň köçede satmak üçin,
hem bilmeli gerek dürsler,
ilim diýýän, işin etjek,
gelmän iýip ýatmak üçin,
pikir etme, döwlet bolsaň,
başga pikir, garaýyşly,
ýa ynanýan öz ýoluna,
ogurlyga şärik bolman,
galam alan ellerine,
dogulmaýar dürs eneden,
ýaşamaýar ýüze gülüp,
soň arkadan atmak üçin...