Zerurlyk duzagy
Sen hudaýyň adyndan
ýa adyndan zerurlygyň,
daňmak üçin iliň elin,
döwlet bolup, bolup topar,
metjit gurýan, eli egri,
aklamarsyň ogurlygy,
tutýar diýip iliň dilin,
aldamagy aklamarsyň,
ilki erkin, hakyn alyp,
ili salyp dar galyba,
aklamarsyň açlygy sen,
bir adam däl, ikisin däl,
tutuş ili ezip, bozup,
itip agyr jenaýata,
iň aşakdan başlap, kem-kem
yza geljek ýolun ýapyp,
şärik edip şere, urşa,
açyk yglan edilmedik,
sen talaňy aklamarsyň,
aýtmasa-da kimse gelip,
eden işiň ýalňyşdygyn
bilersiň sen, yzdan gelýän
gaýtalasa, gowy bolmaz,
yza çeker özün bilip,
ýa düşünmän, bagty ýatan,
sen milleti aklamarsyň,
gözden düşse ýurduň, watan...