Borç duzagy
Eger seniň eneň, ataň keselli,
hassa bolsa, ylgamaly, barmaly,
getirmeli gerek derman, därisin,
sen çagakaň olar nätdi, bilýärsiň,
eger seniň eneň, ataň aç bolsa,
ylgamaly, ýetirmeli azygyn,
eger seniň ezizleriň üşese,
ylgamaly, ýüň ýorgany goltuklap,
eger olar argyn bolsa, ýadyňda
olar senden soramady etjegin,
eger olar turup, ýöräp bilmese,
ýa elleri güýçsüz bolsa tutmaga,
ylga-da bar, aýagy bol, eli bol,
eger ýolun görüp bilmese ataň,
ýa gulagy eşitmese eneňiň,
ylga, ýetiş, göreji bol ataňyň,
gulak enjamyny getir eneňe,
eger olar akyl, huşun ýitirse,
ýa unutsa dil uçdaky sözleri,
sabyrly bol, ýatlat, olar ýatlatdy,
gygyrmady, almadylar ýüzüňi,
eger olar gorkýan bolsa döwletden,
eli ganly, gözi ganly, keselli,
köşeşdir sen, gara bassa gijeler,
olar saňa kän beripdi teselli...
Diňle eneň gürrüň berse, sözlerin
bölme, ýatla diňlänini oň seni,
bytdyk-sytdyk gürleýärkäň gyssaman,
eger ataň gysýan ýolsa ýüregi,
ýanyna bar, otur, wagtyň gysganma,
ýatla, ýörjen-ýörjen bolan günleriň,
olar seni göteripdi, goýmandy,
olar seni iýdiripdi, özleri,
belki, günde iýjegini iýmändi,
uklamandy seni ýatyrmak üçin,
soratmandy gerek zadyň dilsizkäň,
ýok, bolmady, başarmadyň, ogrular,
bir, iki däl, kän enäni aglatdy,
kän atany aglatdylar, döwleti,
kanunlary aýak asty edenler,
basgylanlar öz ilini, milletin,
sylamadyk öz-özlerin, gedemler,
ýok bolýanyn bilmän ýok edýän wagty,
zäher daşap ýurt içine, bilimi,
düşünjäni taşlap çöpüň içine,
uruş, talaň dowam edýär, durmaýar,
güne ýatýar halkyň şinelän bagty,
bellisi ýok ertirleriň, agşamyň,
ölen öldi, galan galdy armanly,
kim kimi galdyrar entände ýetip,
öňe baksaň, aňyrsy daş ötügiň,
yza baksaň, kino ýaly niýetiň...